JEMGYÝET

Italiýanyň ilçisi wezipesine girişdi

Hormatly Prezidentimiz Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luçano Gallini kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat döwlet Baştutanymyza öz ýurdunyň Prezidentiniň we Premýer-ministriniň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň golaýlaşyp gelýän şanly 25 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny, tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we italiýaly diplomat ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alşyp, söwda-ykdysady ulgamda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny nygtadylar.

Bu babatda özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, göni işewür gatnaşyklary höweslendirmek, maýa goýum işi üçin uly mümkinçilikler bar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan iri düzümleýin taslamalar hem-de giň möçberli özgertmeler maksatnamalary muňa ýardam edýär. Haryt dolanyşygy, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýa garamazdan, oňyn görkezijilere eýe bolýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we italiýaly diplomat ýangyç-energetika ulgamyny, senagat toplumyny, ýeňil senagaty we beýleki birnäçe pudaklary özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdiler.

Ýangyç-energetika toplumy barada aýdylanda bolsa, tutuş dünýäde meşhur bolan “ENI” italýan kompaniýasynyň ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda netijeli işleýändigi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny bellediler. Dokma pudagynda hem, hususan-da, ýurdumyzyň kärhanalaryny ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün etmek ugrunda netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýola goýuldy.

Şu ýylyň sentýabr aýynda Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň anyk gurallaryny kemala getirmek we onuň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak baradaky teklibi beýan etdi.

Gürrüň, hususan-da, ikitaraplaýyn işewürler geňeşini ýa-da degişli iş toparyny döretmek hem-de her ýyl Italiýanyň we Türkmenistanyň Ykdysadyýet günlerini geçirmek hem-de Milanda ýurdumyzyň Söwda wekilhanasyny açmak barada bardy.

Ynsanperwer ulgam türkmen-italýan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlaryň ikisi hem baý medeni mirasa eýedir. Munuň özi bolsa netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin oňaýly şertleri döredýär. Bu babatda türkmen we italýan arheolog alymlarynyň Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän täsin taryhy-medeni ýadygärlikleriň birnäçesinde ençeme ýyllaryň dowamynda bilelikde netijeli işleýändigini aýdyň mysal hökmünde görkezmek bolar.

Ylym we bilim ulgamynda hem özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi bar. “Türkmenistan –Italiýa” medeni hyzmatdaşlyk bilelikdäki ynsanperwer taslamalary durmuşa geçirmek üçin hemişelik hereket edýän binýat bolup bilerdi. Milli Liderimiz ony döretmegiň maksada laýykdygy baradaky başlangyjy Italiýa Respublikasynyň Prezidenti bilen ýokarda agzalan telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda öňe sürdi.

Şeýlelikde, bar bolan köptaraply kuwwatdan ugur alyp, ondan netijeli peýdalanmak hem-de gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen, hyzmatdaşlygyň “ýol kartasyny” taýýarlamak boýunça alnyp barylýan bilelikdäki işiň geljegi uly hasaplanylýar.

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Belarusyň Premýer-ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Hökümet Başlygyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygyny kabul etdi

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogyna gatnaşýar

“Baýeri” durduran “Atalanta” Ýewropa Ligasynyň kubogyny gazandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Seýed Ebrahim Raisiniň soňky ýoluna ugratmak dabarasy gatnaşdy

Ata Watan Eserleri