TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Italiýanyň ilçisi diplomatik wezipesini tamamlady

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzdaky diplomatik wezipesini tamamlaýan Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ungaro bilen hoşlaşyk duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy diplomatyň işlän döwründe hyzmatdaşlygynyň dürli ulgamlarynda türkmen-italýan gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşan ähmiýetli goşandyna ýokary baha berdi.

Italiýa Respublikasynyň Ilçisi öz gezeginde işlemek üçin döredip beren ähli mümkinçilikleri hem-de Ilçihananyň işine beren hemmetaraplaýyn hemaýatlary dogrusynda biziň ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň berkidilmegi barada hem aýratyn belläp geçdiler. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmek ýaly derwaýys meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Ilçä Türkmenistanyň hem-de Italiýa Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrundaky köpugurly işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we onuň geljekki işlerinde täze rowaçlyklary arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana boljak döwlet sapary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt döwlet Baştutanlaryny gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiligine seretmäge taýýar

Teswirle