JEMGYÝET

Italiýa Türkmenistan bilen demirýol ulgamynda tejribelerini paýlaşar

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M. Çakyýewiň Italiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde demirýol ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek babatda möhüm resminama gol çekildi.

Şoňa laýyklykda, Italiýanyň demirýol ulgamynyň edarasy (RFI) Türkmenistan bilen demirýol ulgamynda öz tejribelerini we nou-haulary paýlaşmaga taýýardyr. Bu barada RFI-niň ýolbaşçysy Dario Lo Bosko habar berdi.

Onuň belläp geçmegine görä, Italiýanyň dmeriýol torunyň sanly IT taslamalary hem-de innowasion 4D we 5D BIM usullary ýaly dolandyryş gurallary, şeýle hem ýerleşýän ýeri boýunça seljermek babatda iň oňat tejribe we nou-hau paýlaşmaga mümkinçiligi bar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M. Çakyýew bilen Wise-premýer, Italiýanyň infrastruktura we ulag ministri Matteo Salwininiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Italiýanyň ulag pudagynyň esasy bölümleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Taraplar demir ýol we deňiz ulaglary pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenbaşy we Neapol portlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Ýene-de okaň

Lebapdaky mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýaşaýan ýaşlary okuwa kabul eder

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-iň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň energetika ministri Türkmenistana sapar bilen geler

Baýraktar: türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen import etmegi meýilleşdirýäris

“Ýüpek ýoly” rallisi: türkmen türgenleri baýrakly dolanýarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze departamentler döredildi

Ata Watan Eserleri