TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Italiýa TOPH gaz geçirijisi taslamasy bilen gyzyklanýar

Italiýaly  hyzmatdaşlar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmäge gyzyklanma bildirýärler diýlip Türkmenistanyň Prezidenti  Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň arasynda bugün bolan telefon arkaly söhbetdeşligi baradaky  TDH habarynda aýdylýar.

Eni işini giňeltmäge çalyşýar

Habarda hem nygtalşy ýaly  2008-nji ýyldan başlap, Türkmenistanda ENI kompaniýasy işleýär. Bu kompaniýa ýurdumyzda alyp barýan işini giňeltmäge çalyşýandygyny görkezýär. Mundan başga-da, italiýaly hyzmatdaşlar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmäge gyzyklanma bildirýärler.

Onlaýn duşuşyk gurnalar

Nebiti we gazy gaýtadan işleýän pudaklarda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Bu babatda, ilkinji nobatda, gürrüň esasy çig mal hökmünde tebigy gaz ulanylýan önümleri öndürmek boýunça zawodlaryň gurluşygy barada barýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow telefon söhbetdeşliginde ýokarda agzalan ugurlarda işleýän italýan işewürliginiň wekilleriniň türkmen kärdeşleri bilen ýakyn wagtda onlaýn duşuşygyny guramagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Bu habarlary hem okaň

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

Ýene-de okaň

Russiýa Özbegistana gaz satyp başlar

Aşgabat-Daşkent: söwda öýleri açylar

Türkmenistan Azerbaýjana Ýewropa gaz ibermäge kömek edip biler

Teswirle