TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Italiýa daşary söwdada öňdäki orunlarda

Geçen ýyl Italiýa ýurdumyzyň daşary söwdasynda 3-nji orny eýeledi. Şunda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy bir ýarym milliard amerikan dollaryndan gowraga barabar boldy. Häzirki wagtda Italiýanyň türkmen önümleriniň eksporty boýunça hyzmatdaşlaryň sanawynda ikinji orny eýeleýändigi bellärliklidir diýlip Türkmenistanyň we Italiýanyň Döwlet ýolbaşçylarynyň telefon söhbetdeşligi baradaky TDH habarynda aýdylýar.

Thales Alenia Space kompaniýasy bilen işleşmek

Telefon söhbetdeşliginde aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýene-de bir geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Häzirki wagtda bu ulgamda “Thales Alenia Space” kompaniýasy bilen bilelikde işlemegiň mümkinçiligine garalýar. Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmek üçin emeli hemra arkaly anyk maglumatlary almaga gyzyklanma bildirýän ministrlikleriň we pudak edaralarynyň isleglerini öwrenmegi üçin ýörite Pudagara topary döredildi. Döwlet düzümleriniň teklipleri öwrenilenden soň, bu kompaniýa bilen gepleşiklerde geljekki ädimler barada habar berler.

 “Leonardo” kompaniýasy bilen gatnaşyklar

Şunuň bilen bir hatarda, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerinde beýleki bir meşhur italýan kompaniýasy – “Leonardo” kompaniýasy bilen gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär.

Işewür düzümleriň arasyndaky gatnaşyklar hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn resminamalaryň 20-sine gol çekilmeginiň geçen ýylyň noýabr aýynda Milanda geçirilen türkmen-italýan işewürler forumynyň netijesi bolandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Gün batareýalary üçin panelleri çykarýan kärhana

Geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň hatarynda Türkmenistanda Gün batareýalary üçin panelleri çykarýan kärhanany, keramiki önümleri öndürýän önümçiligi döretmek, döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly ýüňi gaýtadan işlemegi ýola goýmak ýaly taslamalar bar.

Milan şäherinde söwda wekilhanasy

Telefon söhbetdeşliginde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin türkmen-italýan işewürler geňeşini ýa-da degişli Iş toparyny döretmegi, şeýle hem her ýyl Türkmenistanda Italiýanyň Ykdysadyýetiniň gününi geçirmegi we Milan şäherinde ýurdumyzyň söwda wekilhanasyny açmagy teklip etdi. Habar berlişi ýaly Italiýaly  hyzmatdaşlar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmäge gyzyklanma bildirýär.

Bulary hem okaň! 

Italiýa TOPH gaz geçirijisi taslamasy bilen gyzyklanýar

Italiýa :Abraýly Ýokary Okuw Jaýlary 2020

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

Ýene-de okaň

Russiýa Özbegistana gaz satyp başlar

Aşgabat-Daşkent: söwda öýleri açylar

Türkmenistan Azerbaýjana Ýewropa gaz ibermäge kömek edip biler

Teswirle