JEMGYÝET

It kazyýete işe alyndy

Elbetde, kazyýetlerde dürli ýagdaýlara gabat gelip bolar. Ýöne itiň kazyýetde işläp ýörenine gabat gelipmidiňiz? Muňa käbir fransuzlardan başga hiç kim gabat gelmedi. Ýöne Fransiýadaky Lo kazyýet müdirligi bu aýratynlygy bilen öwnüp biler.

Lol lakamly, labrador tohumly 5 ýaşly it prokuror Frederik Almendrosyň ýakyn dosty. Ol bu ýerde eýýäm birnäçe ýyldan bäri işleýär. Mundan iki ýyl öň bolsa Lol Ýewropada ilkinji bolup, kazyýet işine çynlakaý gatnaşýan it hökmünde ykrar edildi.

Loluň «medeniýetlidigini», «it gylyklaryndan» uzakdadygyny hem aýtmak gerek. Ol nätanyş adamlara, esasan hem çagalara üýrmeýär. Hatda kazyýet işi dowam edýärkä hem ümsümligi saklap bilýär. Aýdyşlaryna görä, Lol henize çenli kazyýet işleriniň 80-sine gatnaşdy.

 

Täze tehnologiýa: Ses tolkunlary bilen zarýad bermek

 

 

Ýene-de okaň

Özbegistan Prezidenti Türkmenistandaky foruma ýokary baha berdi

Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary tamamlandy

Gyrgyzystanyň parlamentiniň ýolbaşçysy Türkmenistana geldi

Magtymguly Pyragynyň ermeni diline terjime edilen goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy

Türkmenistan-Mongoliýa: howa gatnawlary hakynda ylalaşyga gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Prezidentleriniň duşuşygy

Ata Watan Eserleri