JEMGYÝET

Ispaniýanyň “Typsa” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk

2020-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň hem-de Ispaniýanyň “TYPSA” kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda wideo maslahaty geçirildi.

Wideo maslahatyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen TYPSA-nyň arasyndaky senagat desgalarynyň gurluşygyny durmuşa geçirmekde we olara siňdirilýän çig mallary öndürmek pudagyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Onlaýn duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan dürli zawodlaryň taslamalaryny taýýarlamakda, olary enjamlaşdyrmakda hem-de bu ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi.

Ispan tarapy, dürli taslamalary ösdürmekde hem-de olary gaýtadan işlemek boýunça umumy syýasy işde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine hyzmatdaşlyk etmeklige we ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Duşuşygyň barşynda “TYPSA” kompaniýasy bilen gurluşyk we senagat ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlaryň mejilisine gatnaşdy

Mazenderan welaýatynyň Türkmenistana eskporty artdy

Igor Runow: Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag başlangyçlary möhümdir

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna Özbegistanyň Prezidentinden hat gelip gowuşdy

Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy