TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ispaniýanyň çempionaty “Sewilýanyň” ýeňşi bilen başlady

Ispaniýa çempionatynyň 28-nji tapgyrynyň oýnunda “Sewilýa” öz meýdançasynda “Betis” toparyny kabul etdi. Ýer eýeleri 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Iki pökgi hem duşuşygyň ikinji ýarymda tora girizildi. “Sewilýa” toparyndan Lukas Okampos we Fernando tapawutlandylar.

Bu ýeňişden soň “Sewilýa” çempionatda dördünji ornuny berkitdi. “Betis” bolsa 12-nji orunda galdy.

Mälim bolşy ýaly, Ispaniýanyň çempionaty koronawirus pandemiýasy sebäpli yglan edilen arakesmeden soň täzeden başlady. Bu duşuşyk hem gaýtadan badalga alan “La Liganyň” ilkinji duşuşygydygyny bellemek gerek.

Ýene-de okaň

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Türkmenistan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Teswirle