TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ispaniýa ýeňilmezek Italiýany ýeňdi

Ispaniýanyň milli ýygyndysy bassyr 37 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýän Italiýanyň milli ýygyndysyny ýeňmegi başardy. Italiýadaky “Juzeppe Meassa” stadionynda geçirilen duşuşykda Ispaniýa Italiýany 2:1 hasabynda ýeňdi we Milletler Ligasynda finala çykdy.

Ýewropa çempionatynyň çempiony Italiýanyň ýygyndysy 2018-nji ýylyň sentýabryndan bäri 37 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýärdi. Bu gezek olar öz meýdançasynda Milletler Ligasynyň ýarym finalynda ýeňildiler.

Rus emin Sergeý Karasewiň eminlik eden duşuşygynda Italiýanyň milli ýygyndysynyň kapitany Leonardo Bonuççi duşuşygyň 31-nji we 42-nji minutlarynda sary petek alyp, oýundan çykaryldy.

Italiýadan Lorenso Pelegrini duşuşygyň 83-nji minutynda tapawutlandy. Ispanlardan bolsa Ferran Torres 17-nji hem-de 45-nji minutlarda geçiren gollary bilen toparyna ýeňiş getirdi.

Şeýlelikde, Ispaniýanyň ýygyndysy Belgiýa-Fransiýa duşuşygynyň ýeňijisi bilen Milletler Ligasynyň finalynda duşuşar.

 

Hormatly Prezidentimiz Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

Ýene-de okaň

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Türkmenistan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Teswirle