TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Işjeň wulkanyň üstünden geçdi

Amerikaly akrobat Nik Wallenda Nikaraguada işjeň ýagdaýda bolan Masaýa wulkanynyň krateriniň üstünden uzaldylan ýüp bilen ýöräp geçdi. 41 ýaşly batyrgaýyň ýanýan magmanyň üstünden geçip barýan pursatlary ýerli teleýaýlym arkaly göni ýaýlymda görkezildi. Wallenda 550 metrlik aralygy 31  minutda geçdi.

Yssydan goraýan eşik geýen hem-de ýörite maska dakynan Wallenda bu synanyşygyň öz durmuşyndaky iň kyn synanyşyklaryň biri bolandygyny belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiligine seretmäge taýýar

Türkmenistanda 11 milliard dollarlyk ýapon maýasy

Awazadaky resminama BMG-niň resmi resminamasy hökmünde çap edildi

Teswirle