TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Ishak Gersog: Ysraýylyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň açylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn

Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Ishak Gersog Türkmenistanyň Prezidentine Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Şol gutlag hatynda Aşgabatda resmi taýdan açylmagyna garaşylýan Ysraýylyň täzelenen, döwrebap ilçihanasyny görmek mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny belledi. 

Bu gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Oraza aýy mynasybetli Ysraýyl Döwletiniň adyndan Size iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr. Siziň we ýakynlaryňyzyň hem-de ajaýyp ýurduňyzyň halkynyň bu sahawatly baýramy mynasyp geçirmegine tüýs ýürekden umyt edýärin.

Mukaddes Oraza aýy mätäçlik çekýänlere goldaw bermek, goňşularyňa düşünmek bilen garamak, ähli dinlere uýýan adamlaryň arasynda birek-birege hormat goýmak ýaly bize ýakyn bolan gymmatlyklary alamatlandyrýar. Munuň özi biziň şu gymmatlyklara, bileleşigiň ähli wekilleriniň arasyndaky sazlaşyga berk ygrarlydygymyzyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Biz mundan 10 ýyl ozal Türkmenistanda ilçihanamyzy açdyk. Şol döwürden bäri ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz ösýär we berkeýär. Biz lukmançylyk innowasiýalary, oba hojalyk tehnologiýalary, daşky gurşawy goramak ulgamlarynda hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýäris. Aşgabatda resmi taýdan açylmagyna garaşylýan Ysraýylyň täzelenen, döwrebap ilçihanasyny görmek mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Munuň özi Ysraýylyň Siziň ajaýyp ýurduňyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi göz öňünde tutýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Doga-dilegleriň we asylly maksatlaryň aýy bolan mukaddes Oraza aýynda gatnaşyklarymyzy hem-de dostlugymyzy pugtalandyrmak baradaky ynandyrmalarymyzy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Biz dünýäniň has gowy bolmagy üçin ähli tagallalary ederis.

 

Ýene-de okaň

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Teswirle