TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Awtoralliniň ýeňijilerine «Nissan Pathfinder» sport awtoulagy sowgat berildi

Şu gün «Awaza» sport toplumynyň sportuň oýun görnüşleri binasynda iri sport ýaryşlarynda — Russiýa Federasiýasynda awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça guralan «Ýüpek ýoly — 2022» atly halkara ýaryşda hem-de Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda şu günler zähmet rugsadynda bolýan ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminiň agzalary Diýarymyzyň sport ulgamynda ýetilen sepgitleri we gazanylan üstünlikleri açyp görkezýän sergi bilen tanyşdylar. Çäräniň başynda hormatly Prezidentimiziň halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi.

Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda altyn medallara mynasyp bolan türgenler Medine Amanowa hem-de Saparly Muhyýew, Russiýa Federasiýasynda guralan «Ýüpek ýoly — 2022» halkara rallisiniň ýolsuz ýerden hereket edýän ulaglaryň ýaryşynda birinji orny eýelän türkmen ekipažçylary Merdan Toýlyýew bilen Şöhrat Toýlyýew bar.

Türgenlere dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiziň adyndan, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. Awtoralli ýaryşynyň ýeňijilerine döwlet Baştutanymyzyň adyndan «Nissan Pathfinder» sport awtoulagynyň açarynyň berilmegi bolsa türgenlerde aýratyn hoşallyk duýgusyny döretdi.

Ýeri gelende bellesek, ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan — Moskwa şäherleriniň aralygynda geçirilen «Ýüpek ýoly — 2022» atly halkara rallide türkmen türgenleri ýolsuz ýerden hereket edýän ulaglaryň (T2) arasyndaky ýaryşda örän şowly çykyş edip, ýokary netijeleri görkezdiler. Hususan-da, ussat sürüjiler Merdan Toýlyýew bilen Şöhrat Toýlyýew hormat münberiniň birinji, Şamyrat Gurbanow bilen Muhammetmyrat Gurbanow ikinji, Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedow bolsa üçünji basgançagyna çykmagy başardylar.

Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda bolsa Türkmenistanyň ýetginjekler hem-de ýaşlar ýygyndy toparlary jemi 20 medala mynasyp boldy. Onda 21 döwletden 260-dan gowrak türgen birbada iki ýaş derejesinde yklymyň çempionlygy ugrunda göreş alyp bardy.

Ýene-de okaň

Ýewropanyň “naýbaşysy” – “Real Madrid”

Ata Watan Eserleri

Özbegistan Bütindünýä küşt olimpiadasynyň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

UEFA-nyň Superkubogyny kim gazanar?

Ata Watan Eserleri