TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

“iPhone SE” smartfony tanyşdyryldy

Amerikanyň “Apple” kompaniýasy şu ýyl ilkinji smartfony – “iPhone SE” hödürledi.  Telefon “iPhone 8”-e gaty meňzeýär: 4,7 dýuýmlyk ekran, barmak yz ulgamy we “ullakan” gorizontal çarçuwaly düwmesi, umuman, “Apple” kompaniýasynyň telefonlarynyň esasy ugurlaryny özünde jemleýär.

Arka tarapynda 12 megapiksel kamera bar. Bu smartfon, “iPhone 11” ýaly “Apple A13” prosessorynyň esasynda işleýär, bu bolsa smartfonyň aktual bolup galjakdygyny we iň bolmanda ýakyn ýyllarda has gowy işlejekdigini aňladýar.

Daşy aýna we alýumin garyndysyndan ýasalýar. Suwdan we tozandan goralýar. 3 reňkde hödürlendi: ak, gara we gyzyl.

“IPhone SE” smartfonynyň 64 gigabaýt ýady bolan görnüşiniň bahasy 399 dollara deňdir. Şeýle hem 128 we 256 gigabaýt ýady bolan smartfonlar hem hödürlener. ABŞ-da bu smartfon 17-nji aprelde satuwa çykarylar.

Ýene-de okaň

Biržada nebit önümleri uly isleg bildirilýär

Türkmenistanyň Astrahandaky logistika merkezi Merkezi Aziýanyň Russiýa deňiz çykalgasy bolar

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan Rumyniýa tebigy gaz iberer

Ata Watan Eserleri

Teswirle