TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“iPhone 12” smartfonynyň iň arzan we gymmat ýurtlary

Golaýda, dünýä belli “Apple” kompaniýasy özüniň “iPhone 12” smartfonuny dünýä jemgyýetçiligine ýetirdi. Şol tanyşdyrylyş çäresinde “iPhone 12”, “Mini”, “Pro” we “Pro Max” görnüşleri tanyşdyryldy.

Käbir ýurtlarda bu smartfonlaryň satuwyna başlandy. 20-nji noýabrdan başlap, dünýäniň ýene-de ençeme ýurdunda telefonuň görnüşiniň satuwyna başlanjakdygy mälim edildi.

Braziliýanyň “Tecnoblog” internet saýtyndaky maglumata görä, Braziliýa “iPhone 12 mini” we “iPhone 12 Pro Max” görnüşleriniň iň gymmat satylýan ýurdy boldy.

ABŞ-da 699 dollar bolan 64 GB-lyk “iPhone 12 mini” telefonyň Braziliýadaky bahasy 1248 dollara deňdir.

512 Gb-lyk “iPhone 12 Pro Max” telefony ABŞ-da 1399 dollar bolsa, Brazliýadaky bahasy 2 müň 535 dollara deňdir.

64GB-lyk “iPHONE 12 MINI” TELEFONYŇ IŇ GYMMAT WE ARZAN ÝURTLARY

Braziliýa – 1.268 dollar

İtaliýa – 996 dollar

Portugaliýa – 984 dollar

Meksika – 967 dollar

Fransiýa – 961 dollar

Hindistan – 944 dollar

Ýaponiya – 795 dollar

Gonkong – 774 dollar

ABŞ – 729 dollar (iň arzan)

512GB-lyk “iPHONE 12 PRO MAX” TELEFONYŇ IŇ GYMMAT WE ARZAN ÝURTLARY

Braziliýa – 2.535 dollar

İtaliýa – 2.159 dollar

Portugaliýa – 1.946 dollar

Meksika – 1.934 dollar

Fransiýa – 1.911 dollar

Hindistan – 1.851 dollar

Ýaponiýa – 1.602 dollar

Gonkong – 1.523 dollar

ABŞ – 1.399 dollar (iň gymmat)

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle