BIZNES

“iPhone 12 Mini” önümçiligi bes edilýär

Amerikanyň “Apple” kompaniýasy “iPhone 12 Mini” smartfonynyň önümçiligi söwdanyň pese gaçmagy bilen bes etdi. Bu barada “TrendForce” marketing kompaniýasy habar berdi.

Onuň maglumatyna görä, “Apple” 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde telefonunyň bu görnüşiniň önümçiligini bes etmegi meýilleşdirýär. Bu smartfonyň söwdasy “iPhone12”, “iPhone 12 Pro” we “iPhone 12 Pro Max” telefonlarynda pese gaçdy.

Maglumatlara laýyklykda, kompaniýa “iPhone 12s” telefonynyň täze görnüşlerini 3 görnüşde çykaryp, mini görnüşini çykarmakdna ýüz öwürmegi maksat edinýär.

“Apple” kompaniýasy 2020-nji ýylyň oktýabrynda “iPhone 12” hem-de “iPhone 12 Mini” tanyşdyrypdy.

20 dollar bilen bir gijede baýady

Ýene-de okaň

BAE bilen Ukraina hemmetaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler

Gazagystan bilen Özbegistan bilelikdäki söwda merkezlerini döreder

Belarusly işewürler Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýär

«Malaý» gaz käni: 2024-nji ýylda 5 milliard 469,9 million kubmetr tebigy gaz öndürildi

«Uzynada» käninde täze gaz akymy alyndy

«Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag geçelgesi boýunça iş duşuşygy geçirildi