TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Internetiň tizligi üçin 60 emeli hemra

ABŞ-nyň “SpaceX” kompaniýasy “Starlink” internet emeli hemra torunyň bir bölegi hökmünde ýene-de 60 sany emeli hemrany kosmos giňişligine çykardy. Dünýä belli işewür Ilon Maskyň ýolbaşçylyk edýän bu kompaniýasy dünýäniň baryp bolmaýan her bir nokadynda internete aralaşmak mümkinçiligini döretmek maksady bilen geçen aýlarda 700-den gowrak “Starlink” internet emeli hemralaryny älem giňişligine çykardy.

Bu kompaniýadan berlen beýanata görä, bu toruň 60 sany emeli hemrasy “Falcon 9” raketasy bilen ABŞ-nyň Florida ştatynyň Kennedi kosmos merkezinden uçuryldy.

EMELI HEMRA SANY 800-DEN GOWRAK

Soňky iberilen 60 emeli hemra bilen “SpaceX” kompaniýasynyň orbitadaky hemra sany 800-den geçdi. Nobatdaky emeli hemra ibermek taslamasy kompaniýanyň 14-nji taslamasy boldy. Kompania Ýer şarynyň orbitasynda 12 müň emeli hemradan ybarat tor gurmagy meýilleşdirýär. Taslamanyň 2027-nji ýylda tamamlanmagy göz öňünde tutulýar.

Kompaniýa bu taslama üçin 10 milliard dollar sarp eder. Bu taslama üstünlikli amala aşyrylan halatynda dünýäniň barylmasy kyn ýerlerinde hem şu wagtkydan 40 esse ýokary tizlikli internet hyzmatyny amala aşyrmak bolar.

Şu wagtda 800 hemranyň internet tizligini ýokarlandyrmak babatda uly ähmiýete eýe bolup durýandygy, ýöne kompaniýanyň maksatnamasyndaky 100 megabit tizlige ýetmek üçin has köp emeli hemrany ibermegiň zerur bolup durýandygy bellenilip geçildi.

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

 

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle