TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Internete birikmezden (offline ) habarlary okamak: Saýlamak mümkinçiligi

Applikasiýamyz offline işleýär we Siz internete birikmedik wagtyňyz hem Ata Watan habarlaryny okap bilersiňiz! Şeýle hem  islän habaryňyz boýunça Size hususy bildiriş gelmegini sazlap bilersiňiz!  Siz “sada görnüşi” saýlap WIFI ulgamyna birikmedik wagtyňyz mobil internetiňizi tygşytlap bilersiňiz! Ine biziň täze applikasiýamyzyň esasy aýratynlyklarynyň käbirleri!

Applikasiýamyzy indirip alyň

Siz “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com    saýtynyň  täzelenen applikasiýasyny  öz mobil telefonyňyza indirip almak isleseňiz şu ýere basyň!  Applikasiýany ýüklemek üçin şeýle hem  Google Play-dan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp gözleg edip bilersiňiz!  Aşakdaky suratyň üstüne basmak bilen Applikasiýany ýüklemek mümkin! Applikasiýamyzy indiriň we aşakda sanaýan aýratynlyklarymyzy halajakdyňyza ynanýarys!

Mälim bolşy ýaly,  ýaňy-ýakynda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýty özüniň Android ulgamynda işleýän ilkinji synag görnüşindäki Applikasiýasyny okyjylaryna hödürläpdi. Bu applikasiýa bilen okyjylarymyz Türkmenistan baradaky habarlary gyzgyny bilen Türkmen, Türk, Iňlis we Rus dillerinde, şeýle hem dünýädeki käbir gyzykly wakalary Türkmen dilinde has aňsat okamak mümkinçiligine eýe bolupdy. Biz applikasiýamyzy täzeledik we Google Play-e täze applikasymyzy ýerleşdirdik.

Täze Applikasiýamyzyň aýratynlyklary näme?

Tizlik: Okyjylarymyzyň ulanýan internet ulgamynyň mümkinçiliklerine bagly bolmak şerti bilen, applikasiýanyň açylyş we ulanyş tizligi ep-esli artdyryldy. Bu bolsa, habarlary tiz okamak mümkinçiligini berer.

Aňsatlyk: Applikasiýamyzda habarlar “ýokarky  bölümler” görnüşinde berilýär we ekrany süýşürmek bilen islän bölümiňizden islän habaryňyzy aňsatlyk bilen okap bilýärsiňiz!

Bildirişler: Saýtymyza, şol sanda applikasiýamyza ýerleşdirilen habarlary islän wagtyňyzda saýtymyza ýa-da applikasiýamyza girip okap biljegiňiz ýaly, ýerleşdirilen her habar topary boýunça Size bildiriş gelmegini sazlap bilersiňiz!

Mysal üçin Siz sporta degişli habarlary halaýan bolsaňyz we “Sporta” degişli habar saýtymyza girilende Size şeýle habaryň saýta girilendigi barada bildiriş gelmegiňizi isleýän bolsaňyz onda, applikasiýanyň bildiriş bölüminden “Sport” bölümini saýlap bilersiňiz. Bellemeli zat, bildirişleri dolandyrmak Siziň eliňizde  we islän wagtyňyz bildirişleri sazlap bilersiňiz!

Offline işlemek: Siz habarlary diňe internet bar wagty däl-de eýsem islän wagtyňyz hem okap bilersiňiz! Biziň applikasiýamyz muňa mümkinçilik berýär. Mysal üçin WIFI ulgamyna biriken wagtyňyz islän habaryňyzy okap biljegiňiz ýaly, WIFI ýa-da mobil internetden uzak galjak wagtyňyz hem, offline ýagdaýa geçip bilýärsiňiz we şol wagt applikasiýanyň “ýadyna” soňky girilen 250 habar ýerleşdirilýär we internete birikmedik ýagdaýyňyzda hem bu habarlary aňsatlyk bilen  okap bilersiňiz!

Sada görnüş: Applikasymyzyň ýene bir aýratynlygy Size “sada görnüşi” hödürleýär we Siz bu görnüşi saýlamak bilen “suratsyz” habarlary aňsatlyk bilen okap bilersiňiz! Bu bolsa, WIFI ulgamyna birikmedik okyjylarymyza internet datasyny tygşytlamak mümkinçiligi berýär.

Dil sazlamasy: Saýtymyza habarlar 4 dilde girilýär we Siz applikasymyzdan islän “baýdaklary” saýlap, habarlary Türkmen, Türk, Iňlis we Rus dillerinde okamak mümkinçiligine eýe bolarsyňyz!

Reňk sazlamasy: Siz applikasiýamyzyň “reňk sazlamasy” bölümini ulanyp, applikasiýamyzyň reňkini özüňiz sazlap bilersiňiz!

Saýlanan habarlar: Siz islän habaryňyzy “saýlap” bilersiňiz we “saýlan” habaryňyzy applikasiýanyň  ekranyň aşaky bölümindäki “saýlanan” ýerden isläň wagtyňyz okap bilersiňiz!

Teswirler: Türkmen saýtlary arasynda özboluşly aýratynlygy eýe bolan “Teswirler” bölümimiz, applikasiýanyň  ekranyň aşaky bölüminde aýratynlykda berilýär we Siz öz islän ýazaryňyzyň makalalaryny aňsatlyk bilen okap bilersiňiz!

Arhiw: Siz haýsyda bolsa bir senede girilen habarlary tapmak isleseňiz, onda, applikasiýanyň aşaky bölümindäki arhiw bölümine ýerleşdirilen senenamadan islän senäňizi saýlap bilersiňiz.  Siz şeýle hem isleýän habarlaryňyzy applikasiýamyzyň ‘gözleg taýajygyny” ulanyp tapyp bilersiňiz!

Paýlaşmak: Siz islän habarlaryňyzy her bir habar boýunça berilýän “paýlaşmak taýajyklarynyň” üsti bilen islän jemgyýetçilik torlarynda paýlaşyp bilersiňiz. Ünsüňizi çekýän habarlaryňyzyň linkini dostlaryňyza e-poçta iberip bilersiňiz!

Bellemeli zat, applikasymyzyň ilkinji wersiýasynyň işläp başlandygy baradaky habarymyzda hem beýan edilişi ýaly, ilkinji applikasiýamyz synag görnüşindäki applikasiýa bolup ulgam işläp başlandan soňra käbir tehniki kemçilikleri anyklamak mümkin boldy.

Tehniki we döredijilik toparymyz, synag görnüşindäki applikasiýa boýunça bize gelen bellikleri hem hasaba alyp, has döwrebap applikasiýany işläp taýýarlady. Applikasiýa taýýarlanan wagty dünýä belli metbugat serişdeleriniň applikasiýalaryndan ylham alyndy.

Synag görnüşindäki applikasiýamyzy ykjam telefonlaryna indirip alan we käbir tehniki kemçilikler sebäpli telefonyndan applikasiýany telefonyndan aýran okyjylarymyzyň hem halajak täze applikasiýany Size hödürleýäris!

Kämilleşmegiň çägi ýok we biz hem täze oýlanyp tapyljak tehniki usullaryny hem peýdalanyň!

Applikasiýamyzy yzygiderli kämilleşdirmäge dowam ederis.

Siz şeýle hemem biziň resmi Insagram hasabymyz bolan @atavatanturkmen hasabyna goşulyp habarlardan gyzgyny bilen “habarly” bolup bilersiňiz! Siz şeýle hem aşakdaky suratyň üstüne basmak bilen Instagram hasabymyzy aňsatlyk bilen yzarlap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle