TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Internet ulanyjylaryň sany 4 milliarddan geçdi

Köpelýäs. Soňky maglumatlara görä, planetamyzyň ýaşaýjylarynyň 53 göteriminden gowragy, başgaça aýtsak, 4,1 milliard adam internetden peýdalanýar. Bu barada Halkara elektron maglumatlary guramasynyň 2019-njy boýunça nutugynda aýdylýar.

Şol nutukda ýene bir zat, 2018-nji ýyla seredeniňde, internetden peýdalanyjylaryň 5,3 göterim artandygy aýdylýar.

Şeýlelikde, biziň dünýämizde internete girmek mümkinçiligi bolmadyk 3,6 milliard adam galdy. Käbir döwletlerde her 10 adamdan diňe 2 kişiniň internetden peýdalanyp bilýändigi hem mysallarda getirilipdir.

Yklymlar boýunça iň ýokary görkeziji Ýewropa degişli. Has takygy, ýewropalylaryň 82,5 göterimi internet peýdalanýar. Afrikada bolsa bu görkeziji 28,2 göterime deň.

2019-njy ýylyň ahyryna çenli Ýer ýüzüniň ilatynyň 57 göterimi öýünde oturan ýerinde internete baglanyp biler. Biziň 96 göterimimizde bolsa mobil internet mümkinçiligi bardyr.

Tassyklamalara görä, dünýäde internet ulanyjylaryň 48 göterimi aýallar, 52 göterimi bolsa erkeklerdir.

Ýene-de okaň

Sindzo Abe üçin döwlet derejesinde matam çäresi guraldy

Türkmenistan – ABŞ: harby ulgamda hyzmatdaşlyk

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

Teswirle