TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Internet tizligi: 1 sekuntda 1500 film alyp bolar

Beýik Britaniýanyň London uniwersitetiniň bilermenler topary internet tizliginiň täze rekordyny goýdular. Internet neşirleriniň habar bermegine görä, bilermenler  synag tapgyrynda internetiň sekuntda 178 “Terabit” tizligine ýetdiler. Bu tizlik arkaly 4K formatdaky ýokary hilli 1500 sany filmi 1 sekuntda almaga mümkinçilik berer.

“Science Alert” neşiriniň habar bermegine görä, bilermenler topary tizligiň rekordyny täzelemek üçin maglumatlary optiki süýümlerde ulanylýanlardan has giň tolkun arkaly almagy başardylar. Bu tizlik bir sekuntda ýokary hilli 4K formatly 1.500 film ýükläp almak üçin ýeterlik bolup durýar. Bir näçe aý mundan ozal awstraliýaly bilermenler internetiň sekuntda 44 “Terabit” tizligine ýetip gördüler.

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle