SIZDEN GELENLER

Interaktiw Sahypa : Sizden gelenler — Size garaşýar

“Atavatan Türkmenistan”  halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com  saýty Ata Watanymyz baradaky habarlary diňe bir ýurdumyzyň çägindäki köp sanly okyjylara gyzgyny bilen ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem bu habarlary Türkmen we Türk dillerinde dünýäniň dürlü künjegindäki Türkmenistan barada gyzyklanýan halk köpçüligine ygyzygiderli ýetirip gelýär. Saýtymyzyň Iňlis dilindäki sahypasy bolsa gelejekde has kämilleşer. Bellemeli zat, dünýäde täjirçilik, ykdysadyýet, teknologiýa, sport we medeniýet ulgamynda bolup geçýän täzelikler bilen baglanşykly (global habarlary) ene dilimizde saýtymyza ýerleşdirilýän habarlar okyjylarymyzyň göwnünden turýandygy baradaky bellikleri bizi begendirýär.

SIZDEN GELENLER Sahypasy

Şu ýerde bir zady bellemek isleýäris. Ýagny, saýtymyzda aýratyn bir bölümiň açylýandygyny size habar berýäris. Bu bölüm okyjylar tarapyndan ýazylan habarlary we eserleri neşir etmäge niýetlenendir. Häzirki wagtda köp sanly okyjylarymyzdan gelip gowşan habarlar we eserler Interaktiw (özara işjeňlik) sahypamyza ýerleşdirildi.  Bu sahypa okyjy –döredijilik topary-okyjy arasynda özara işjeňlik sahypasy bolmak bilen, okyjylarymyzyň ýazan eserleriniň döredijilik toparymyz tarapyndan köp sanly okyjylarymyza ýetirýän platformdyr.

Okyjylarymyz öz ýazan makalalarynyň, eserdir habarlarynyň awtoryny görkezmek şerti bilen saýtymyza ýerleşdirilmek üçin sizdengelenleratawatan@gmail.com  salgysyna «Sizden gelenler» belligi bilen iberip biljekdigini ýene bir gezek ýatlatmak isleýäris.

Ýene-de okaň

Psihologiýa we kämil bilim

Ata Watan Eserleri

Himiýa senagatynyň milli ykdysaydýetdäki orny uludyr

Ankara uniwersitetinde Magtymgulyny öwreniş sapagy

Bilimli nesil – Watanyň daýanjy

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynda dilleriň goşandy

Ýapon diliniň ähmiýeti