TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Inter” we “Mançester Ýunaýted” ýarym finalda

Ýewropa Ligasynyň kubogyny almak ugrundaky ýaryş çärýek final duşuşyklary geçirildi. Şol duşuşyklarda Italiýanyň “Inter” topary Germaniýanyň “Baýer” toparyny 2:1 hasabynda utan bolsa, Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” topary Daniýanyň “Kopengagen” toparyny 1:0 hasabynda ýeňmegi başardy. Şeýlelikde, “Inter” we “Mançester Ýunaýted” toparlary bu kubok ýaryşynda ýarym finala çykdylar.

Koronawirus sebäpli mart aýynda togtadylan Ýewropa Ligasynyň kubogynyň duşuşyklary Germaniýada geçirilýär. Toparlar diňe bir duşuşyk geçirip, ýeňiji bolan nobatdaky tapgyra geçýär.

Italiýanyň “Inter” topary 10 ýyldan soňra Ýewropa Ligasynyň ýarym finalyna çykmagy başardy. “Mançester Ýunaýted” toparyna ýarym finala çykmak aňsat düşmedi. Daniýanyň “Kopengagen” topary bilen geçirilen duşuşygyň esasy 90 minutynda gol geçirilmänsoň, goşmaça wagtlar berildi. Şol goşmaça wagtyň 95-nji minutynda “Mançester Ýunaýted” topary 11 metrlik jerime urgusy gaznayp, şonuň bilen hem garşydaşyny ýeňmegi başardy.

Ýewropa Ligasynyň kubogynda şu gün 2 duşuşyk geçiriler.

“Wulwerhempton” (Angliýa) – “Sewilýa” (Ispaniýa)

“Şahtýor” (Ukraina)  – “Bazel” (Şweýsariýa)

Ýene-de okaň

Çempionlar ligasy: Messiniň nobatdaky rekordy

Alonso “Baýer” toparyna tälim berer

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Teswirle