“Instagramyň” meşhur akkauntlary

Häzirki wagtda dünýäde iň meşhur jemgyýetçilik platformalaryň biri “Instagram” platformasy hasaplanylýar. Ýylsaýyn bu platformanyň ulanyjy sany artýar. “Ajans Press” agentliginiň habar bermegine görä, “Instagram” platformasynyň iň meşhur 10 sany akkaundynyň sanawy kesgitlenildi. Birinji orny kompaniýanyň özüniň “Instagram” (şahsy) akkaundy eýeledi. Ikinji orny 263 million yzarlaýjysy bolan dünýä belli futbolçy Kristiano Ronaldo eýeledi. Ronaldo hakda aýdanymyzda, “Instagram, Facebook we Twitter” platformalarynda jemi 500 million sany yzarlaýjysy bar.

Hüjümçi Ronaldonyň “Instagram” hasabynda 263 million, “Facebook” hasabynda 148 million, “Twitter” hasabynda bolsa 91 million yzarlaýyjysy bar. Jemgyýetçilik torunyň ýyldyzyna öwrülen 36 ýaşly Ronaldo “Ýuwentus” toparynda ýylda 30 million ýewro gazanýan bolsa, onda şahsy “Instagram” hasabynda ýylda 50 million dollar gazanýar.

Okap bilersiňiz  Türkmenistan bilen Norwegiýanyň gatnaşyklarynda täze döwür

 

Instagram”-daky iň meşhur 10 sany akkauntlar:

  1.  Instagram – 386 million yzarlaýjy
  2.  Kristiano Ronaldo – 263 million yzarlaýjy
  3.  Ariana Grand – 222 million yzarlaýjy
  4. Dueýn Jonson – 218 million yzarlaýjy
  5.  Kaýli Janner – 216 million yzarlaýjy
  6. Selena Gomes – 210 million yzarlaýjy
  7.  Kim Kardaşýan – 205 million yzarlaýjy
  8.  Lionel Messi – 185 million yzarlaýjy
  9.  Beýons – 165 million yzarlaýjy
  10.  Jastin Biber – 163 million yzarlaýjy

 

 

Guwanç Meläýew: Kesbimden kemal tapanym