Instagram Bäsleşigi : 14-nji Fewralda jemlenýär

Instagram bäsleşigi ertir jemlenýär. Dünýäde esasan hem ýaşlar tarapyndan giňden bellenilýän, ýaşlaryň söýgüli günleriniň biri bolan 14 Fewralda Türkmen dilinde we Iňlis dilinde gepleýän ilkinji sanly Akylly Sözlük-Makul Sözlük Applikasiýasy we Türkmenistan we dünýä habarlaryny gündelik  gyzgyny bilen Size ýetirip duran “Atavatan” Applikasiýasynyň yglan eden  Instagram bäsleşigi jemlenýär.

Siz offline  hem işleýän  Makul Sözlük Applikasyýasyny  şu ýere basyp ýa-da “Google Play” elektron dükanyndan “makulsözlük” ýazyp, ýükläp bilersiňiz. Siz şeýle hem, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  “Atavatan” Applikasiýasyny şu ýere basyp ýükläp, ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän täzelikleri gyzgyny bilen okap bilersiňiz.

Bäsleşigiň şertleri:

  1. Siz “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň Instagram hasabyndan (@atavatanturkmen) şu bäsleşik barada  açylan habara  (Instagramdaky bu  habary şu ýere basyp tapyp bilersiňiz) öz teswiriňizi ýazyp bäsleşige gatnaşyp  bilersiňiz!
  2. Teswiriň mowzugy : Söýgi. Ýazylan söýgi setirleri ýa-da teswirler ortaça  10-50 sözden ybarat bolmaly. Söýgi baradaky ajaýyp we ýatda galyjy teswirler Siziň ýeňiji bolmagyňyza öz täsirini ýetirer.  Goşgy kabul edilmeýär. Daşary ýurtly şahslaryň söýgi baradaky aýdan täsirli sözleriniň terjimesi awtoryň öz pikrini goşmak bilen bäsleşige hödürläp bilerler.
  3. Teswirler biriniň hukugyny kemsidiji bolmaly däl, we jemgyýet tarapyndan kabul edilen umumy ahlak kadalarynyň çäginde bolmalydyr.
  4. Bäsleşik boýunça  teswirler 14.02.2021 senesinde sagat 14:00 –e çenli kabul edilýär.  Siziň her biriňiz öz ajaýyp söýgi setirleriňiz (teswirleriňiz) bilen adamda ýakymly duýgulary oýarýan bu ajaýyp bäsleşigiň ýeňijisi bolup bilersiňiz.Ýeňijini ertir sagat 19:00-da yglan etmegi meýilleşdirýäris. Pul sowgatlary gowşurmak 15.02.2021 senesinde sagat 15:00-den soňra başlanýar.
  5. Bäsleşige birnäçe teswir bilen gatnaşyp bilersiňiz, şonda, iň köp “halanan” alan bir teswiriňiz hasaba alnar. Bir şahs birnäçe baýrakly orna eýe bolup bilmez. Eger de Siziň birnäçe Instagram hasabyňyz bar bolsa, onda diňe bir hasabyňyzdan bäsleşige gatnaşmagyňyzy haýyş edýäris.
  6. Bäsleşikde diňe “Söýgi” baradaky teswirlere berilen “halanan” ballar hasaba alnar.
Okap bilersiňiz  Türkmenistandan Russiýa gynanç haty

Bäsleşige gatnaşmak üçin, gatnaşyjy

  1. Instagram hasabymyzy (@atavatanturkmen) yzarlamaly
  2. Ýokaryda bellenen şertlerde Instagramdaky şu habaryň aşagyna (habary tapmak üçin şu ýere basyň) teswirini ýazmaly. Teswir ýazaňyzda “bäsleşige… diýen söz bilen başlap teswiriňizi ýazmagyňyzy haýyş edýäris. Sebäbi haýsy teswiriň bäsleşik üçin ýazylanlygyny anyk bilmek üçin şeýle şert hökmany!
  3. Android ulgamyndaky “Atavatan Türkmenistan” (şu ýere basyp alyp bilersiňiz) Applikasiýamyzy we “Makul Sözlük” (şu ýere basyp alyp bilersiňiz) Applikasiýamyzy ýükläp almaly. Eger Siziň telefonyňyz Android ulgamynda işlemeýän bolsa, onda Siz bir tanşyňyzyň Android telefonynda şeýle amallary edip bilersiňiz!
  4. Kompýuterlerdäki “Chrome Browserden” Makul Sözlük goşundysynyşu ýere basypýükläp almaly we onuň aşagyna teswir ýazmaly we ýyldyzlaryň üsti bilen bal bermeli!
  5. Google Plaý marketde ýokarda agzalan her iki applikasiýa boýunça şol ýerde bal bermeli, ýagny ýyldyzlaryň üsti bilen baha bermeli we applikasiýany ulanyp, olar barada öz teswiriňizi şol ýere ýazmaly.
  6. Şol teswirleriňizi we mobil telefonyňyzdaky  Applikasiýalaryň suratyny bize ibermeli (@turkmenlawyer hasabyna Instagram message üsti bilen iberilmeli).
  7. Bäsleşikde iň köp “halanan” teswirleriň 14-si ýeňiş gazanar.

Baýraklar

Bäsleşigimiz  14-nji Fewralda jemlenýändigi üçin jemi 14 sany baýrak Size garaşýar!

Iň köp “halanan alan” teswire, ýagny 1-nji orna -500 Manat

Ikinji orna 475 manat

Üçünji orna 450 manat

Dördünji orna 425 manat

Bäşinji orna 400 manat

Altynjy orna 375 manat

Ýedinji orna 350 manat

Sekizinji orna 325 manat

Dokuzynjy orna 300 manat

Onunjy orna 275 manat

Onbirinji orna 250 manat

Onikinji orna 225 manat

Onüçünji orna 200 manat

Ondördünji orna 100 manat

Bäsleşigiň şertleri boýunça ýükläp alynmaly ýokaryda linkleri berilen Applikasiýalary we goşundynyň linklerini aşakda aýratynlykda berýäris.

Linkler

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň Android ulgamynda işleýän Atavatan Applikasyýasynyň linki

Android ulgamda işleýän Makul Sözlük Applikasiýasynyň linki

Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserden” Makul Sözlük goşundysynyň linki