TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Iňlis dili. Britan we Amerikan iňlis diliniň tapawutly aýratynlyklary

Iňlis dili dünýäde iň köp gürleşilýän dil hasaplanylýar. Iňlis dili bütin dünýäde aragatnaşykda giňden ulanylýar.

Iňlis dili bilim, lukmançylyk, inženerçilik we işewürlik ýaly köp bölümlerde hem möhüm rol oýnaýar. Mundan başga-da, internet sahypalary iňlis dilinde bolup, beýleki dilleriň hem sahypalarynda maglumatlary iňlis dilinde görmek mümkinçiligi bardyr we internetdäki maglumatlaryň aglaba bölegi iňlis dilindedir.

Iňlis dilinde düşünişip we gürleşip bilsek, syýahat edenimizde-de aňsat bolar. Emma, iňlis diliniň hem dürli ýurtlarda ulanylyşyna görä,  Britan, Amerikan, Awstaliýan, Hindi, Kanada  we ş.m. iňlis dilleri ýaly görnüşleri bardyr. Olar öz aralarynda bir-birlerinden grammatikasy, ýazuw düzgüni, aýdylyşy, sözlük düzümi boýunça azda-kände tapawutlanýarlar.

Britan we Amerikan iňlis dilleri hem öz aralarynda şeýle tapawutly aýratynlyklary bardyr:

  1. Aksenti boyunça olaryň arasyndaky esasy tapawut Amerikanlar köplenç gürleşenlerinde “r” harpyny köp aýdýarlar. Britanlar bolsa “r” harpyny haçan-da sözüň başynda gelende aýdýarlar.
  2. Grammatikasyna baglylykda:
  • Gutarnykly häzirki zaman we Öten zaman (Present Perfeсt and Past Simple)

            Britan iňlis dilinde adamlar “Present Perfeсt”-i, ýagny gutarnykly häzirki zamany häzirki bilen baglanyşykly geçmiş hereketi barada gürlemek üçin ulanýarlar.

Gutarnykly häzirki zaman Amerikan iňlis dilinde hem şeýle ýagdaýda ulanylyp bilner, ýöne adamlar hereketiň gutarandygyny göz öňünde tutanda köplenç Öten zamany ulanýarlar. Bu esasanam, ‘already’ (eýýäm), just (ýaňyja) we yet (henizem) ýaly hallar bilen köp duş gelýär. Meselem:

Britan iňlis dilinde:

Have you  done your homework yet?

-Yes, I’ve just finished it.

Amerikan iňlis dilinde:

Did you do your homework yet?

-Yes, I just finished it.

  • ‘Got’we ‘gotten’

Britan iňlis dilinde “get” işligiň Öten zaman formasy (past partiсiple) ‘got’.

Amerikan iňlis dilinde bolsa adamlar ‘gotten’ diýip ulanýarlar.

*** Bellik: Eýe bolmak ýa-da zerurlyk hakynda gürrüň gidilende bolsa “have got” Britan we Amerikan iňlis diiniň ikisinde-de ulanylýar.

Meselem:

Britan iňlis dilinde:            get-got-got

You could have got hurt!

She has got serious about her career.

  Amerikan iňlis dilinde:       get-got-gotten

You could have gotten hurt!

She has gotten serious about her career.

Ýöne:

Britan iňlis dilinde:

Have you got any pencil?

We have got to go now.

Amerikan iňlis dilinde:

Have you got any pencil? (Have you gotten any pencil?)

We have got to go now. (We have gotten to go now)

  • Kollektiw atlar bilen işlik formalary

Britan iňlis dilinde birlik ýa-da köplük işligi bir topar adamy ýa-da zatlary (kollektiw at) aňladýan at bilen ulanylyp bilner. Biz haçan-da topary şahsyýetler hökmünde ýa-da topary ýeke-täk birlik hökmünde pikir edenimizde köplük işligini ulanýarys.

Amerikan iňlis dilinde bolsa bu ýagdaýda, ýagny kollektiw atlarda birlik işligi ulanylýar.

***Bellik: “Poliсe” sözi hemişe köplük işligi bilen ulanylýar. Meselem:

Britan iňlis dilinde:

The сrew is/are on the way to the airport.

My team is/are winning the matсh.

Ýöne:

The police are investigating the crime.

Amerikan iňlis dilinde:

The crew is on the way to the airport.

My team is winning the match.

Ýöne:

The police are investigating the crime.

  • “Have” we “take”

Britan iňlis dilinde ýuwmak, ýuwunmak, suwa düşmek barada gürrüň etmek üçin “have” we “take” işlikleri  “bath”, “shower”, “wash” ýaly atlar we dynç we dynç almak barada gürrüň gidende bolsa,  “break”, “holiday”, “rest” ýaly atlar bilen ulanylýar.

Amerikan iňlis dilindebolsa bu ýagdaýda diňe “take” işligi ulanylýar. Meselem:

   Britan iňlis dilinde:

I’m going to have a shower.

Let’s have a break.

 Amerikan iňlis dilinde:

I’m going to take a shower.

Let’s take a break.

  1. Ýazuw düzgünine baglylykda hem Britan we Amerikan iňlis diliniň arasynda tapawutly aýratynlyklary bardyr. Meselem:

Britan iňlis dili:

-oe-/-ae- (anaemia, diarrhea, encyclopaedia)

-t (burnt, dreamt, leapt)

-enсe (defenсe, offenсe, liсenсe)

-ou (сolour, behaviour)

-l- (enrol, fulfil, skilful)

-re (metre, fibre, сentre)

-y (tyre)

-ogue (analogue, monologue, сatalogue)

-ell- (сanсelled, jeweller, marvellous)

-ise (familiarise, organise)

Amerikan iňlis dili:

-e-(anemia, diarrhea,  encyclopedia)

-ed (burned, dreamed, leaped)

-ense (defense, offense, lisense)

-o (color, behavior)

-ll- (enroll, fulfill, skillfull)

-er (meter, fiber, сenter)

-i- (tire)

-og (analog, monolog, сatalog)

-el- (сanсeled, jeweler, marvelous)

-ize (familiarize, organize)  we ş.m.

  1. Sözlük düzümine baglylykda hem Britan we Amerikan iňlis dili bir-birinden tapawutlanýarlar. Meselem:

Britan iňlis dilinde:                     Amerikan iňlis dili:

University                                     College

Holiday                                         Vacation

Theatre                                           Theater

Autumn                                             fall

Queue                                               Line

State school                                    Public school

Mobile phone                             Cell phone

Sweets                                        Candy

Postbox                                      Mailbox

Biscuit                                        Cookie

Lorry                                          Truck

Flat                                             Apartment

Trousers                                      Pants

Crisps                                          Chips

Trainers                                       Sneakers

Football                                       Soccer

Timetable                                     Schedule

Chemist                                        Drugstore

Rubber                                         Eraser

Çeşmesi: https://www.babbel.сom

                                             Taýýarlan: Agajanowa Gülälek,

                                          Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň

                             “Iňlis dili we edebiýaty” hünäriniň I ýyl talyby.

Içerki gündelik demir ýol gatnawlary ýola goýuldy

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Bilim – röwşen geljegimiziň gözbaşy

Täsin geografiýaly toprak

Üstünligi ýola goýmak derejesi

Teswirle