TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Indi BAE üçin bäş ýyllyk wiza berler

Dünýä syýahatçylary üçin Birleşen Arap Emirliklerine barmak indi has ýeňil bolar. Ýakyn geljekde munuň üçin syýahatçylara bäş ýyllyk wizalar berler. «Rosbalt» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu barada ýurduň Premýer-ministri Muhammad bin Raşid Al-Maktum «Twitterdäki» hasabynda habar berdi.

Bu barada 2020-nji ýylda geçirilen ilkinji Hökümet mejlisinde hem aýdyldy. «Biz ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň wizalary babatynda käbir özgertmeleri girizdik. Birnäçe gezek peýdalanyp bolýan wizalaryň möhletleri indi ähli döwletleriň wekilleri üçin bäş ýyla çenli uzaldyldy» diýip, Premýer-ministr Hökümet mejlisinde aýtdy.

Birleşen Arap Emirliklerine her ýyl ortaça 21 milliondan gowrak syýahatçy gelýär. Döwlet ýakyn geljekde dünýäniň iň köp syýahat edilýän ýurtlarynyň biri bolmaga dalaş edýär.

Ýene-de okaň

«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» parlamentara forumyny Aşgabatda geçirilmek teklip edildi

Ikinji Hazar ykdysady forumy geçiriler

Emmanuel Makron: Türkmenistan bilen gatnaşyklarymyzy ösdürmäge taýýar

Teswirle