TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Indi aýakgaplar hem <>

Aýakgap satyn alanymyzda ölçegi bilen gyzyklanmak ýa-da kiçi aýakgap sebäpli, ejir çekmek ýaly müşgillikler indi taryhda galyp biler. Munuň üçin biz barha ösýän tehnologiýa hoşallyk bildiräýmeli.

«Nike» kompaniýasynyň eýýäm fewral aýynda satlyga çykarjak täze sport aýakgaplary öz ölçeglerini aýaga görä dogurlar. Aslynda, bu aýakgaplar 2016-njy ýylda tanyşdyrylypdy. «Hyperadapt» diýlip atlandyrylýan sport aýakgaby şol tanyşdyrylyş dabarasynda edilen bellikleri özleşdirip, kämil görnüşde alyjylaryna gowşar. Özi-de aýakgaby geýip, onuň aýagyňa laýyk halyna gelmegi üçin garaşmagyň hajaty ýok. Hereketli ýagdaýda hem aýakgap aýaga laýyk görnüşe geçmäge ukyply bolar. Hatda bagjyklaryny hem özi daňar.

«Akylly» sport aýakgabynyň täsinlikleri bular bilen hem çäklenmeýär. Biler bolsaňyz, «Adapt BB» atly ýörite programmanyň üsti bilen ony öz smartfonyňyzdan hem dolandyryp bilersiňiz. Batareýasy USB baglaýjy bilen zarýadlandyrmak mümkinçilige eýe bolan aýakgabyň ilkinji nusgalary basketbolçylar üçin niýetlenildi. «Hyperadapt»-ly basketbolçylaryň indi oýnuň dowamynda aýakgabynyň bagjygy çözülmek ýa-da aýagyny çişirmek ýaly endişesi bolmaz.

350 dollar nyrh kesilýän aýakgaplar 17-nji fewralda ABŞ-da satylyp başlanar. Kompaniýa ýakynda sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanýan türgenler üçin şeýle aýakgaplary öndürip başlamagy meýilleşdirýär.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa Türkmenistanyň ýokary sylagy bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygynyň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşy

Teswirle