TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Iň uzyn şahly öküz

ABŞ-da Longhorn görnüşli öküz Ýer ýüzündäki iň uzyn şahly öküz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. «Ponço Wia» lakamly öküz Alabama ştatynyň Kusa okrugyndaky fermada idedilýär.

«Miami Herald» neşiriniň ýazmagyna görä, öküziň şahlarynyň bir ujundan beýleki ujuna çenli uzynlygy 3 metrden geçýär.

Fermerleriň gürrüň berşi ýaly, öküz heniz alty aýlykka satyn alnyp, heniz 4 ýaşyndaka hem şahy bilen beýleki öküzlerden bütinleý saýlandy. Häzir Ponço Wia 7 ýaşyny doldurdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiligine seretmäge taýýar

Türkmenistanda 11 milliard dollarlyk ýapon maýasy

Awazadaky resminama BMG-niň resmi resminamasy hökmünde çap edildi

Teswirle