TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Iň köp girdeji gazanan futbol topary

UEFA guramasy 2020-nji maliýe ýyly boýunça Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlarynyň maliýe hasabaty barada maglumat berdi. Şol maglumata laýyklykda, 2020-nji ýylda iň köp girdeji gazanan topar Ispaniýanyň “Barselona” topary boldy. Topar 730 million ýewro gazandy. Ikinji orunda “Real Madrid” (715 mllion) we üçünji orunda “Bawariýa” (634 million) gelýär.

Umuman, 2019-njy ýyla garanyňda, 2020-nji ýylda ähli toparlaryň girdejileri birneme pese gaçypdyr. Bu girdejiler toparlaryň hemaýatkärlerinden we täjirçilik işlerinden gelen girdejilerini hem öz içine alýar.

Sanaw şeýleräk: 

1. «Barselona», Ispaniýa – 730 mln ýewro;

2. «Real», Ispaniýa – 715 mln;

3. «Bawariýa», Germaniýa – 634 mln;

4. «Мançester Ýunaýted», Angliýa – 580 mln;

5. «PSŽ», Fransiýa – 560 mln;

6. «Liwerpul», Angliýa – 559 mln;

7. «Mançester Siti», Angliýa – 553 mln;

8. «Çelsi», Angliýa – 465 mln;

9. «Tottenhem», Angliýa – 459 mln;

10. «Ýuwentus», Italiýa – 401 mln.

 

Hindistan sanly rupiýany dolanyşyga girizer

Ýene-de okaň

Mançester derbisi: Holandyň we Fodeniň taryhy rekordy

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Teswirle