Çaý suwdan soň dünýäde iň köp sarp edilýän içgidir. Diňe bir Türkiýede däl, eýsem dünýäniň dürli geografiýalarynda-da möhüm medeni gymmatlykdyr.
Çaý käbir ýurtlarda süýt, beýleki ýurtlarda limon ýa-da bal bilen içilýär. Azyk we oba hojalygy guramasynyň habaryna görä, 2020-nji ýylda dünýäde takmynan 7 milliard tonna çaý öndürilendigi çaklanylýar.
Hytaý, Hindistan, Keniýa, Şri-Lanka we Indoneziýa önümçilik mukdary boýunça esasy çaý öndüriji ýurtlardyr. “Statista Consumer Market Outlook” hasabatyna görä, dünýädäki çaý bazarynyň 2025-nji ýyla çenli 266,7 milliard dollara ýetmegine garaşylýar.
Ýokarda agzalýan guramanyň maglumatyna laýyklykda, Türkiye iň köp çaý içilýän ýurtlaryň sanawynda birinji.
56 ýurtdan gelen maglumatlara görä, 10 adamdan 9-sy çaý içýändiklerini mälim edipdir. Möhüm çaý öndüriji we eksport ediji Keniýa sanawda 2-nji ýeri eýeledi.
Sanawdaky öňdebaryjy 5 ýurt şeýle:
1- Türkiye – 90%
2- Keniýa – 83%
3- Pakistan-83 %
4 – Marokko-80%
5- Hindistan -72%