TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Iň kiçi hameleon tapyldy

Halkara alymlar topary Afrikanyň Madagaskar adasynda täze açyş etdiler. Gözleg ekspedisiýasy wagtynda alymlar ozal näbelli hameleon jandary tapdylar. Bu täze görnüşli hameleona “Brookesia nana ýa-da B.nana” diýip atlandyrldy. Ol jandaryň boýy bary-ýogy 21,6 millimetr ybarat bolup durýar. Eger-de onuň guýrugyny hasaplamadyk ýagdaýda, 13,5 millimetr barabardyr.

Haýwanat dünýäsini öwrenijleriň aýtmagyna görä, bu täze görnüşli hameleon biziň planetamyzda süýrenjiler toparyna degişli iň kiçik jandar bolup durýar. “Brookesia nana” atly hameleon, Madagaskar adasynyň demirgazyk tarapynda ýerleşýän tokaýlarda tapylandygy habar berilýär. Bu ýerde ünsümizi çekýän zatlaryň biri, täze tapylan hameleon beýleki iri hameleon jandarlar ýaly reňklerini üýtgedip bilmeýär.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Eýranyň energetika ministriniň Aşgabada sapary

Teswirle