TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Iň güýçli türgenleriň sanawy düzüldi

Garyşyk sungaty boýunça rus türgenleri Fýodor Ýemeliýanenko we Habib Nurmagomedow  bu sportuň iň beýik on wekiliniň hataryna girýär, diýip bellenilýär. Bu barada Amerikanyň CBS teleýaýlymynyň web sahypasynda habar berildi. Sanawda 43 ýaşly Ýemeliýanenko dördünji orny eýeledi. 31 ýaşly Nurmagomedow altynjy orunda galmagy başardy.

Amerikaly Jon Jones iň oňat söweşiji diýlip ykrar edildi, braziliýaly Anderson Silwa ikinji orny we kanadaly Georges Sent-Pýer degişlilikde üçünji orny eýelediler. Ýemeliýanenko MMA-da karýerasyna 2000-nji ýylda başlady. Agyr agramda çykyş edýän Fýodor soňky tutluşygyny 2019-njy ýylyň dekabrynda Bellatorda Quinton Jeksony nokaut arkaly ýeňdi. Umuman alanyňda, türgen MMA-da 39 ýeňiş we alty gezek asgyn geldi, bir tutluşyk hasaba alynmady. Ýeňil agramda çykyş edýän Nurmagomedow “Absolute Fighting Championship (UFC)” kemeriniň häzirki eýesiniň hasabynda MMA-da 28 söweşde 28 ýeňşi bar. Geçen ýyl sentýabr aýynda rus türgen iň soňky gezek sekizburçlyga çykyp, Dustin Porýeri ýeňmegi başarypdy.

Ýene-de okaň

Mançester derbisi: Holandyň we Fodeniň taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Teswirle