TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Iň güýçli türgenler

Ispaniýanyň “Marca” neşiri 21-nji asyrda iň gowy 100 erkek türgen sanawyny düzdi. Birinji orunda 34 ýaşyndaky amerikaly ýüzüji Maýkl Felps bolup, karýerasyndaky Olimpiýa oýunlarynda 23 altyn medal gazandy, şeýle hem dünýä çempionatlarynda iň ýokary derejäniň 26 baýragyny aldy. Felps 2016-njy ýylda geçirilen Olimpiýa oýunlaryndan soň özüniň sport ýoluny tamamlady. Sanawyň ikinji ornuny ýaňy-ýakynda kaka bolan we 8 gezek Olimpiýa çempiony ýamaýkaly ylgawçy Usain Bolt boldy. Ilkinji üçlükde “Uly tuwulga” seriýasynyň 20 ýaryşynda ýeňiji bolan şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer ýerleşdi.

Iki futbolçy ilkinji onluga girdi – “Barselonaly” Lionel Messi we “Ýuwentusly” Kriştiano Ronaldo.

Iň gowy türgenleriň sanawy:

  1. 1. Maýkl Felps (ABŞ, suwda ýüzmek)
  2. 2. Usain Bolt (Ýamaýka, ýeňil atletika)
  3. 3. Rojer Federer (Şweýsariýa, tennis)
  4. 4. Rafael Nadal (Ispaniýa, tennis)
  5. 5. Kobe Braýant (ABŞ, basketbol)
  6. 6. Tiger Wuds (ABŞ, golf)
  7. 7. Lionel Messi (Argentina, futbol)
  8. 8. Lewis Hamilton (Beýik Britaniýa, awtoulag ýaryşy)
  9. 9. Walentino Rossi (Italiýa, motosikl ýaryşy)
  10. 10. Kriştiano Ronaldo (Portugaliýa, futbol)

Ýene-de okaň

Mançester derbisi: Holandyň we Fodeniň taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Teswirle