TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Iň güýçli traktorlar

Dünýäniň iň güýçli traktorlarynyň arasynda geçirilýän ýaryşyň meşhurlygy ýyldan-ýyla artýar. 10 müň at güýjüne eýe bolan traktorlar diňe bir güýji däl, eýsem, täsin görnüşi bilen hem özüne çekýär.

Traktor ýaryşlary ABŞ, Awstraliýa ýaly döwletlerde we Ýewropanyň birnäçe ýerlerinde meşhur sport görnüşleriniň birine öwrülýär. Ýaryşyň esasy şerti traktorlaryň güýjüni synagdan geçirmekdir.

Munuň üçin olara goşmaça, has güýçli enjamlar ornaşdyrylýar. Sebäbi ýaryşyň şerti ençeme tonna agyrlykdaky zatlary traktoryň güýji bilen bellenen aralyga süýşürmekden ybarat. Özi hem bu ýaryş «Dünýäniň iň güýçli motorlarynyň ýaryşy» diýlip atlandyrylýar. Kesgitlenen şerte görä, bellenen agyrlygy iň uzak aralyga çekip bilen traktor ýeňiji bolýar. Ýöne adatça 100 metr aralyk kesgitlenilýär. Şol aralygy doly geçip bilen traktorlar ikinji tapgyra geçen diýlip hasap edilýär. Ikinji tapgyrda agyrlyk ýene-de artdyrylýar.

Oba hojalyk tehnikalaryny öndüriji kompaniýalar şeýle traktorlary öndürmäge hem uly üns berýärler. Esasan hem kuwwatly traktorlar ABŞ-da köp öndürilýär. Hatda käbir döwletlerde traktor sporty boýunça ýörite federasiýalar hem işleýär.

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle