TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Iň gowy simsiz gulaklyklaryň 5-isi

Häzirki wagtda simsiz gulaklyklar has-da meşhurlyga eýe boldy. Çünki simsiz gulaklyklar ulanyjy üçin örän oňaýly we rahat enjamlaryň biri bolup durýar. Indi simsiz gulaklyklary öndürýän kompaniýalaryň sany barha artýar. Emma bilermenler häzirki wagtdaky gulaklyklaryň ençemesini barlagdan geçirip, ulanyjylar üçin amatly ulgamlar birikdirilen we iň öňe saýlanan 5 sanysyny mälim etdi. Biz hem saýlama gulaklyklar barada size ýetirmegi makul bildik.

  1. “Galaxy Buds Plus” “Samsung” kompaniýasynyň amatly bahaly, ygtybarly simsiz gulaklyklarynyň biridir. Enjam 11 sagada çenli üznüksiz batareýa ömri bilen tapawutlanýar. Şeýle hem, Samsung “Galaxy Buds Plus”-da mikrofon ulgamyny kämilleşdirilen. Sesli jaňlary ýerine ýetirmekde has oňaýlydyr. Onuň bahasy 150 amerikan dollaryna barabardyr. 
  2. “Apple Airpods Pro” Apple kompaniýasynyň simsiz gulaklyklarynyň arasynda deňagramlylygy, düşnükli sesi bilen tanalýar. Enjamyň 4,5 sagat batareýa ömri bar. Onda telefonda gürleşmek üçin hem amatly şertler döredilen. Onuň bahasy 250 amerikan dollaryna barabardyr.   
  3. “Jabra Elite 75T” iň meşhur gulaklyklaryň biridir. Jabranyň gulaklyklary hakyky simsiz gulaklyklaryň arasynda seýrek duşýan artykmaçlyga eýedir. Ony bir wagtda iki enjam bilen ulanyp biler. Ony ulanyjy alan günüňden başlap iki ýyllyk kepillik bilen berilýär. Onuň bahasy 180 amerikan dollaryna deňdir.   
  4. “Beats Powerbeats Pro” hem dünýäde giňden ýaýran simsiz gulaklyklaryň biridir. Ol gulak çeňňegi dizaýny bilen tapawutlanýar. Enjam dokuz sagat üznüksiz batareýa ömri size hyzmat eder. Sesiň hilide bolsa köp sanly bas we çuňňur ses sahnasy bar. Onuň bahasy 200-250 amerikan dollar aralygynda müşderilere ýetirilýär.   
  5. “Sony WF-XB700” beýleki simsiz gulaklyklar bilen bir hatarda ses taýdan durulygy, gulaga rahatlygy bilen tapawutlanýar. Enjam dokuz sagat batareýa ömri bilen üpjün edilen. Bulardan başga-da IPX4 dereje suwa çydamlylygy bilen tapawutlanýar. “Sony WF-XB700” simsiz gulaklyklar 130 amerikan dollar bahasy bilen alyjylara hödürlenen.   

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle