TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Iň gowy oýun gurnaýjy – Lionel Messi

Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy tarapyndan 2011-2020-nji ýyllaryndaky iň gowy oýun gurnaýjy futbolçysy saýlandy. Bu sanawa ses berlişikde ilkinji 20-lige giren oýunçylaryň hatarynda birinji orna 20 utuk, ikinji orunda ýerleşen oýunça bolsa 19 utuk berildi.

Şeýlelikde soňky 10 ýyllygyň oýun gurnaýjysy hökmünde “Barselona” toparynyň hüjümçisi Lionel Messi boldy. Messi – 2015, 2017 we 2019 –njy ýyllarda oýun gurnaýjy saýlamak boýunça geçirilen ses berlişikde birinji orny gazandy we 2011, 2014, 2018 we 2020-nji ýyllarda geçirilen ses berlişikde bolsa ikinji orny eýeledi. Umumylykda, Lionel Messiniň 174 utugy bar.

Soňky 10 ýyllygyň oýun gurnaýjysy babatda “Top-10”-ga giren oýunçylar we olaryň utuk sanlary:

  1. 1. Lionel Messi (“Barselona”) – 174 utuk
  2. 2. Andres Iniesta (“Wissel Kobe”) – 127 utuk
  3. 3. Luka Modriç (“Real Madrid”) – 113 utuk
  4. 4. Kewin de Bruýne (“Mançester Siti”) – 103 utuk
  5. 5. Toni Kroos (“Real Madrid”) – 90 utuk
  6. 6. Eden Azar (“Real Madrid”) – 77 utuk
  7. 7. Neýmar (“PSŽ”) – 71 utuk
  8. 8. Mesut Özil (“Arsenal”) – 69 utuk
  9. 9. Andrea Pirlo (“Ýuwentus” toparyň tälimçisi) – 63 utuk
  10. 10. Ýaýa Tore (karýerasyny tamamlady) – 60 utuk

“Barselona” toparynyň öňki ýarymgoragçysy Hawi özüniň 55 utugy bilen 11-nji orunda ýerleşdi. 21-nji asyrda iň kop golan geçiren Ronaldo jemi 54 utuk toplap, sanawda 12-nji oruny eýeledi.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Garri Keýnden taryhy “gol”

Konor Makgregor dolanyp gelýär

Ronaldo täze toparyndaky ilkinji goluny geçirdi

Teswirle