TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Iň gowy Jeýms Bond

«Radio Times» atly hepdelik neşiri Jeýms Bonduň keşbini iň gowy ýerine ýetirne aktýor baradaky ses berlişigi geçirdi. Oňa 14 müňden gowrak adam gatnaşdy.

Agent 007 baradaky filmiň muşdaklary iňlis aktýory Şonn Konnerini taryhdaky iň gowy Jeýms Bond diýip ykrar etdiler. Ol meşhur içaly baradaky filmleriň bäşisinde surata düşüpdi.

Ses berlişikde ikinji orun Jeýms Bond baradaky iki filmde baş gahrymanyň keşbini döreden Tomiti Daltona berildi. Öňdäkileriň üçlügini Pirs Brosnan jemledi.

Agent 007 baradaky filmlerde dürli ýyllarda Jeýms Bonduň keşbini Deniel Kreýg, Jorj Lezenbi, Rojer Mur ýaly aktýorlar hem ýerine ýetiripdi.    

Ýene-de okaň

Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi belli boldy

Döwlet baýraklarynyň eýelerine söz berýäris

“Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly geçiriler

Ata Watan Eserleri

Teswirle