TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Iñ gowy futbolçylaryň düzümi

“BBC Merseyside Sport” neşiri Angliýanyň “Liwerpul” toparynyñ soňky 28 ýyldaky iñ gowy düzümini belli etmek üçin janköýerleriň arasynda ses berişlik geçirdi. Bu toparda 1992-nji ýyldan bäri çykyş eden islendik oýunça ses bermek mümkinçiligi döredildi. Soñky kesgitleýji düzüme şu wagty “Liwerpul” toparda çykyş edýän alty oýunçynyñ ady girizildi.

Iñ gowy düzümini giren oýunçylar:

Alisson Bekker; Trent Aleksandr-Arnold; Jeými Karrager; Wirjil Wan Deýk; Andrýu Robertson; Hawýer Maskerano; Jon Barns; Stiwen Jerrard; Robbi Fauler; Luis Suarez; Mohamed Salah.

“Liwerpul” topary Angliýada soñky 30 ýyldan bäri “Premýer Liganyñ” çempiony bolup bilmeýär. Häzirki möwsümde “Liwerpul” çempionatda ynamly birinji orny saklap gelýär.

Ýene-de okaň

Messi karýerasyny ABŞ-da dowam etdirip biler

Katar-2022: Messi ýoluna dowam edýär

Fransiýa pleý-off tapgyryna çykan ilkinji ýygyndy

Teswirle