DÜNÝÄ

Iň gadymy gül tapyldy

Amerikaly alymlaryň pikirine görä, Ýewropa ýakasyndaky suwlaryň biriniň düýbünde ýaşaýan gül görnüşi dünýäniň iň gadymy güli bolup biler.

Beýle diýmäge «Monseçia Widali» diýlip atlandyrylýan gülüň müňden gowrak görnüşinde geçirilen barlaglar mümkinçilik berýär. Ösümlik, aslynda, suw otuna meňzeýär, ýöne ol ýeke tohumly miwe-de berýär. Üstesine-de gülleýär.

Şeýlelikde, oňa gül diýmäge doly esas bar. Alymlaryň pikirine görä, şu güllere çalymdaş ösümlikler (belki-de, olaryň özi) häzirki Ispaniýanyň çäklerinde ýerleşen kölleriň ýakasynda mundan 125 million ýyl ozal hem ýetişen bolmaly. Onsoňam, olar ilkinji gülüň edil ilkinji adamlar ýaly rowaýaty häsiýete eýedigini hem aýdýarlar.

Mundan ozal Hytaýda gabat gelnen «Erçifruktus» atly gül dünýädäki ähli gülleriň «nesilbaşysy» hasaplanylýardy. Alymlar «Monçesianyň» hem hytaýly kowumdaşyndan ýaş babatynda uly ýa döwürdeş bolaýmasa, kiçi däldigini ykrar edýärler.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň Waşington şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi

Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Latwiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

BMG-niň Baş sekretary ŞHG-niň sammitine gatnaşar

Eýranda nobatdan daşary prezident saýlawlary 28-nji iýunda geçiriler

Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýranyň ilçisi bilen duşuşdy