TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Iň ajaýyp aýdymlaryň sanawy

“Ýewrowidenýa” aýdym-saz şüweleňiniň taryhynda iñ ajaýyp aýdymlarynyň sanawy mälim edildi. Aýdymlaryň arasynda iň gowusyny hem-de ajaýybyny saýlamak üçin ses beren tomaşaçylaryñ aglaba bölegi “BBC” teleýaýlymynyň tomaşaçylary boldy. Ses berlişikde Şwesiýanyñ ABBA aýdym toparynyñ “Waterloo” kompozisiýasy “Ýewrowidenýanyñ” taryhynda iñ ajaýyp aýdym diýip yglan edildi. Aýdymçylar bu aýdymy 1974-nji ýylda Braýton şäherinde ýerine ýetirdiler. Şondan soñra bu topar diñe üstünlige tarap ädim ädýär. Toparyñ sazandasy Býorn Ulweus:”Waterloo aýdymyndan we Ýewrowidenýa çäresinden soñra üstünligi ýetdik muña ynanmak örän kyn” diýip belleýär.

Bu sanawa başga-da birnäçe kompozisiýalar girdi. Olardan:

“Nel Blu Dipinto Di Blu” aýdymy (Italiýa, 1958).

“Poupēe de cire, poupēe de son” aýdymy (Lýuksemburg, 1965).

“Love Shine A Light” aýdymy (Beýik Britaniýa, 1997).

“Dancing Lasha Tumbai” (Ukraina, 2007).

“Euphoria” (Şwesiýa, 2012).

“Heroes” (Şwesiýa, 2015).

“Fuego” (Kipr, 2018).

“Soldi” (Italiýa 2019) ýaly aýdymlar sanawa girdiler.

Ýene-de okaň

Hytaýyň çaý medeniýeti ÝUNESKO-nyň sanawynda

Aşgabatda halkara aýdym-saz festiwaly açyldy

Aşgabatda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri başlandy

Teswirle