TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Immobile iň köp pökgi geçiren futbolçy

Italiýanyň milli ýygyndysynyň we “Lazio” toparynyň hüjümçisi  Çiro Immobile şu möwsümiň ahyrynda “Altyn aýakgap” baýragyna mynasyp boldy. 30 ýaşly hüjümçi üçin bu abraýly baýrak karýerasynda ilkinji baýrak boldy.

Umuman alanyňda, Italiýa çempionatynyň soňky möwsüminde Immobile 37 oýun oýnady we şol oýunda 36 pökgi geçirip, on gezek ýardam pasyny geçirdi.

Sanawda ikinji orunda “Bawariýa” toparynyň hüjümçisi Robert Lewandowski, üçünji ýeri “Ýuwentus” toparynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo eýeledi.

Ýene-de okaň

Katar -2022: nobat 1/4 finalda

Katar-2022: rekordlaryň çempionaty

Katar-2022: 36 ýyldan soňra Marokkonyň üstünligi

Teswirle