TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Ilon Mask “Twitter” jemgyýetçilik toruny satyn aldy

Bu baradaky habarlary birnäçe aý mundan ozal hem beripdik. Ýöne dünýäniň öňdebaryjy “Twitter” jemgyýetçilik torunyň satyn alynmagy bilen baglaşykly gepleşikler dowam edip, ol babatda gutarnykly netijä gelindi. Dünýäniň iň baý işewüri Ilon Mask ahyry “Twitter” toruny satyn aldy.

Bu ýylyň geleşigi hökmünde taryhyp sahypalarynda orun aldy. Jemgyýetçilik torunyň ozalky ýolbaşçy düzümi kompaniýany terk etdi. Jemgyýetçilik tory 44 milliard dollara satyn alyndy. Mask bu jemgyýetçilik toruny ähli ulanyjylar üçin iň bir özüne çekiji torlaryň birine öwürjekdigini belledi.

Ilon Mask “Twitter” jemgyýetçilik torunyň merkezi edarasyna baryp gördi. Mask jemgyýetçilik torunyň işgärleriniň takmynan 75 göterimini azaltmagy meýilleşdirýär.

ABŞ-nyň ozalkt Prezidenti Donald Tramp Ilon Masky “Twitter” jemgyýetçilik toruny satyn alandygy bilen gutlady.

– Men Ilon Masky gutlaýaryn. Maňa aýdylyşy ýaly, meniň bu jemgyýetçilik torundaky hasabym täzeden dikeldiler we duşenbe gününden işjeň bolar. Göreli bakaly – diýip, Donald Tramp gutlagynda belläp geçdi.

 

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle