TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Ilon Mask ABŞ-nyň milliarderleriniň sanawynda birinji orunda

“Tesla” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask ABŞ-nyň milliarderleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. “Forbes” žurnalynyň habaryna görä, ol 400 sany iň baý amerikalynyň arasynda birinji orna çykdy.

Bir maliýe ýylynda Maksyň emlägi 60 milliard dollar artyp, 251 milliard dollara deň boldy. Ikinji orunda “Amazon” kompaniýasynyň ozalky ýolbaşçysy Jeff Bezos durýar. Onuň emlägi 151 milliard dollardyr.

Ilkinji üçlükde  iri “Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjylaryndan Bill Geýts bar. Onuň emlägi 106 milliard dollara deň boldy. Şeýle hem dördünji we bäşinji orunlary degişlilikde. “Oracle” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Larri Ellison (101 mlrd $) we maýadar Uoreen Baffet (97 mlrd %) eýeledi.

Mundan başga-da, ilkinji onlukda Larri Peýj, Sergeý Brin, Stiw Mallmer, Maýlk Blumberg we Jim Uolton ýaly baýlar bar.

Uzak wagtdan soňra ” Facebook” jemgyýetçilik torunyň eýesi Mark Sukerberg ilkinji onlukda orun alyp bilmedi.

Bulardan başga-da, bir ýyldan soňra ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp hem sanawa täzeden goşuldy.

“Forbes” žurnalynyň maglumatyna görä, geçen ýyl 400 amerikalynyň  emlägi 500 milliard dollar azalyp, 4 trillion dollara deň boldy.

Ýene-de okaň

Çawuşogly: Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarymyzy ösdüreris

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan demirýol ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürýär

100 milliard dollar ýitiren ilkinji adam

1 teswir

wepa 2022-09-28 at 12:08
ay yoga beh

çyndanmy?

Teswirle