TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Ilkinji türkmen antiwirusy tanyşdyryldy

Aşgabatda geçirilen 15-nji «Türkmentel—2022» sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde «Tehnomerkezi» hojalyk jemgyýeti hem-de Türkmentehnogurluşyk» ÝGPJ tarapyndan bilelikde taýýarlanan ilkinji türkmen antiwirusy — Milli One Endpoint Security köpçülige tanyşdyryldy.​ Bu barada “www.mincom.gov.tm” saýtynda habar berilýär.

Täze antiwirus Windows we Mac porogramma üpjünçiligini goldaýan ähli gurluşlar üçin elýeterlidir. Milli One antiwirusynda poçta, web howplaryna we tor hüjümlerine garşy gorag modullary bar, şeýle-de ol gizlin zyýanly programma üpjünçiliginden goraýar.

Işläp düzüjileriň pikiriçe, bu antiwirusyň kömegi bilen ulanyjylar öz programmalary bilen ofisdäki islendik enjamda ýa-da uzakdan howpsuz işläp bilerler.

Milli One Endpoint Security aýratyn serwer ýa-da howpsuzlyk syýasaty talap etmeýär.​ Ulanyjylar internete birigen pursatlaryndan antiwirusyň goragyndan peýdalanyp başlaýarlar.

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle