TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Ilkinji türk kosmonawty 2023-nji ýylda kosmosa çykar

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 2023-nji ýylda Halkara kosmos bekedine ilkinji türk kosmonawtyny ibermek boýunça taýýarlyk işlere başlanandygyny mälim etdi.

– Milli kosmos maksatnamasynyň çäklerinde biz geljek ýyl ilkinji raýatymyzy Halkara kosmos bekedine ibermek üçin taýýarlyga girişdik – diýip, Prezident Ärdogan ýolbaşçylyk edýän partiýasynyň ýygnagynda belläp geçdi.

Ozal hem habar berlişi ýaly, Türkiýäniň Kosmos ägentligi Halkara kosmos bekedinde ylmy barlaglary alyp barjak esasy we ätiýäçdaky kosmonawt dalaşgärlerini taýýarlamak işine noýabr aýynda girişjekdigini mälim edipdi.

Bu kosmonawtlary taýýarlamak işi Amerikanyň “Axiom Space” kompaniýays bilen bilelikde alnyp barlar. Bu kompaniýa hem ilkinji türk kosmonawtyny Halkara kosmos bekedine alyp gider.

Türkiýede 2021-nji ýylda milli kosmos maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin degişli işler ýola goýlup, bu ugurdaky işlere 6 milliard dollar möçberinde çykdajylar etmek göz öňünde tutulypdy.

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle