TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Ilkinji “Redmi” akylly sagady

Bir ýyl mundan ozal, “Xiaomi” kompaniýasy Hytaýda ilkinji “Xiaomi Mi Watch” akylly sagady hödürledi. Indi “Xiaomi Mi Watch Lite” atly has amatly görnüşi bolan, “Redmi Watch” atly akylly sagady köpçülige hödürlener. Ilkinji “Redmi” akylly sagady telefonsyz jaň etmäge mümkinçilikli bolar. Täze önümiň “Watch” operasiýa ulgamy üçin MIUI ulgamy bilen işlär. Şeýle hem täze enjamyň SIM karta ulgamyny goldajakdygy, ýagny ulanyjylara akylly telefon bilen baglanyşman jaň etmek mümkinçiligini hödürlejekdigi habar berildi.

Şeýle hem, täzelik programmalary göçürip almagy we gurnamagy goldar. “Redmi Watch” dünýä bazaryna “Xiaomi Mi Watch Lite” ady bilen çykarylmalydygy sebäpli, enjamyň bahasy asyl “Xiaomi Mi Watch”-den arzan bolar.

Çeşmeler oktýabr aýynda Hytaýda, “Redmi Note 10” we “Redmi Note 10 Pro” akylly telefonlary hödürlenjekdigini habar berdiler. “Redmi Watch” sagadynyň olar bilen bilelikde hödürlenjekdigi aýdylýar.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle