TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Ilkinji gezek “Ýylyň çagasy” saýlandy

Amerikanyň meşhur “Time” žurnaly adatça her ýyl “Ýylyň adamyny” saýlaýar. Ýöne 2020-nji ýylda bu ugurda täze kategoriýa döredildi we ol “Ýylyň çagasy” diýlip atlandyrdy. Bu ugurda öňdeligi ýokary tehnologiýalar babatda barlag işlerini geçirýän 15 ýaşly Gitanjali Rao eýeledi.

2020-nji ýylda žurnal “Nickelodeon” teleýaýlymy bilen hyzmatdaşlykda Raony ABŞ-daky 8-16 ýaş aralygyndaky 5000 çaganyň arasyndan “Ýylyň çagasy” diýen ugra mynasyp gördi.

Ýörite topar 5 sany finalçyny saýlap aldy. Olaryň arasynda Raonyň hyzmatlary aýratyn baha mynasyp boldy. 15 ýaşly gyz diňe bir emeli intellekt we uglerod nanoturbajyklary üçin datçik tehnologiýalary ýaly ylmy gurallary öwrenmek bilen çäklenmän, suwuň hapalanmagy ýaly gündelik durmuşdaky meseleleri çözmek üçin tagalla edýär.

Bäş finalçynyň her biri “Nickelodeon” teleýaýlymynyň eýeçiligindäki “Viacom” kompaniýasyndan pul baýragyny alar.

“Time” žurnaly soňky 92 ýyldan bäri “Ýylyň adamyny” saýlap gelýär. 2019-njy ýylda 16 ýaşly Greta Tunberg “Ýylyň adamy” baýragyna mynasyp bolan iň ýaş adam bolupdy. Greta Tunberg mälim bolşy ýaly, howanyň üýtgemegi babatda alyp baran işleri ýokary baha mynasyp bolupdy.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti: futbol boýunça dünýä çempionatynyň hormatly myhmany

Baş Redaktor

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Teswirle