DÜNÝÄ

Ilkinji arap kosmonawt

Geçen hepde Birleşen Arap Emirliklerinden bolan ilkinji kosmonawt älem giňişligine göterildi. 35 ýaşly Hazzaa al-Mansuriý Gazagystandaky Baýkonur kosmiki stansiýasyndan uçdy.Ol halkara kosmiki stansiýasyna çykarylan ilkinji arap höküminde taryha girdi.

Muhammad bin Raşid adyndaky kosmiki merkeziniň ýolbaşçysy Amir Al-Gaffariý Mansuriniň bu uçuşynyň arap dünýäsi üçin uly täzelik we älem giňişligini öwrenmekdäki örän ýerine düşen ädimleriň biridigini nygtady. Mansuriý älem giňişliginde sekiz gün bolup, öwrenenlerini tejribede görkezdi.

Ol älem giňişligine özi bilen «Gurhanyň» bir nusgasyny, BAE-niň baýdagyny, maşgala agzalarynyň suratyny hem-de Dubaýyň şeýhi Muhammad bin Raşid al-Maktumyň galamyndan çykan kitaby alyp çykdy.

Bu gün Mars orbitasyny öwrenmek boýunça ekspedisiýa ilkinji arap goşulan bolsa, 2117-nji ýylda BAE Marsda ynsanlar üçin ilkinji stansiýany gurmagy meýilleşdirýär.

Ýene-de okaň

Özbegistan dünýäniň iň kiçi ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň saglyk we sosial goraýyş ministri bilen duşuşygy

Türkmenistan Tbilisi şäherinde Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan stendi bilen tanyşdy

Türkmenistan Stambul şäherinde Nowruz baýramçylygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

22-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi