BIZNES

Ilkinji altyn töleg karty

Dünýä ýüzi boýunça sap altyndan ýasalan ilkinji töleg karty Beýik Britaniýanyň Karollyk edarasy, «Matercard» kompaniýasy we «Accomplish Financial» töleg tehnologiýalary kompaniýasy tarapyndan öndürildi.

«Raris» diýlip atlandyrylýan bu töleg karty 18 kratlyk altyndan taýýarlanandyr. Onda eýesiniň ady we şahsy maglumatlary hem ýerleşýär. Karty edinmek üçin 18750 funt sterling (23 müň dollar) gerek. Ony şahsy dizaýn boýunça taýýarlamak has gymmada düşýär.
Altyn kartyň eýeleri töleg kartlary bilen bagly käbir salgytlardan doly azatdyrlar. Islendik töleg görnüşinde ýa-da nagt pul çekmekde banklar tarapyndan bu kartlardan tutum alynmaýar.

«Karollyk edarasy gymmatbaha metallar babatynda Beýik Britaniýada öňdebaryjylaryň biri. Täzelikler bolsa biziň esasy aýratynlyklarymyzyň hatarynda. Müşderileriň sap altyndan ýasalan töleg kartlaryna isleginiň artyp başlandygyny nazarda tutup, bu işi ýola goýduk. Haýran galaýmaly, çaklamalarymyz bizi aldamandyr. Eýýäm ilkinji günlerden altyn töleg kartlaryna isleg ýokary derejede» diýip, bankyň baş direktory Enn Jessopp metbugata beýanat berýär.

Ýene-de okaň

“Turan.app” – türki dünýäsiniň maliýe goşundysy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Germaniýanyň söwda dolanyşygy 305 million dollara deň boldy

Türkmenistan bilen Özbegistan ulag ulgamyndaky resminama dolanyşygyny sanlylaşdyrýar

“Rönesans” kompaniýasy Aşgabatda söwda merkezini gurar

Türkmenistanyň maýa goýum forumy we ugurdaş sergisi geçiriler

Türkmenistan “CASCA +” halkara multimodal geçelgesiniň döredilmegine işjeň gatnaşýar