TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ildeşimiz Kristina Şermetowa 1 altyn, 2 kümüş medal gazandy

Türkiýäniň Konýa şäherinde dowam edýän V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda ildeşimiz Kristina Şermetowa ýeňiş münberine çykmagy başardy. 55 kg agram derejesinde çykyş eden agyr atletikaçy türgenimiz 1 altyn, 2 kümüş medal gazandy. Şermetowa birbada götermekde 89 kg agramy göterip, altyn medala mynasyp boldy. Ol itekläp götermekde kümüş medal gazandy. 3-nji synanyşygynda 111 kg agramy göterip bilmedik Kristina Şermetowa, umumylykda-da 1 kg agram aratapawudy bilen altyn medaly indoneziýaly Natasýa Beteýoba aldyrdy. Şeýlelikde, zenanlaryň arasyndaky 55 kg agram derejesinde indoneziýaly Natasýa Beteýob 195 kg bilen (84+111 kg) altyn, ildeşimiz Kristina Şermetowa 194 kg bilen (89+105 kg) kümüş hem-de eýranly Poupak Basami 165 kg bilen (71+94 kg) bürünç medala mynasyp boldy.  

V Yslam Raýdaşlygy oýunlary ýokary depginde dowam edýär. Ozal hem habar berşimiz ýaly, Ýulduz Jumabaýewa hem agyr atletikada bürünç medallaryň eýesi bolupdy. Ýene-de bir türgenimiz göreş sportunda medala mynasyp boldy.

Ýene-de okaň

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Türkmenistan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Teswirle