TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ildeşimiz iň gowy türgenleriň sanawynda

Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň resmi saýty Russiýanyň milli çempionatynda çykyş eden “Iň gowy aziýaly futbolçyny” saýlamak babatda ses berişlik gurnalýar. Iň gowy futbolçylaryň sanawynda Keisue Honda, Serdar Azmun, Kim Dong-jin ýaly  futbolçylaryň arasynda ildeşimiz Dmitriý Homuhanyň barlygam guwandyryjy ýagdaýdyr.

Ildeşimiz öz döwründe “Zenit”, “SSKA”  we “Şinnik” ýaly toparlarda üstünlikli çykyş edipdi. Ol tälimçilik döwründe hem Russiýanyň ýetginjekler ýygyndysy bilen Ýewropanyň çempiony bolmagy başarypdy (u17, 2013).

Geliň ses berlişikde ildeşimizi goldalyň.

Ýene-de okaň

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Messi ilkinji üçlükde

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Teswirle